BERKARAR DÖWLETIŇ KÄMIL ÝAŞLARY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçlarda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesillerimiziň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlary durýar. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmekligine gönükdirilen döwlet syýasatymyz üstünlikli amala aşyrylýar.

      Ýakynda ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny goldamak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde tassyklanan düzgünnama esasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli welaýatymyzyň orta mekdepleriniň mekdepleriniň ýokary synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirýän «Berkarar döwletiň kämil ýaşlary» atly döredijilik bäsleşiginiň Kerki etrap tapgyry geçirildi.

Bäsleşikde Kerki etrap bilim bölüminiň hünärmeni Ý.Astanakulow, TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň mugallymy W.Soltanow dagylar emin agzalyk etdiler. «Berkarar döwletiň kämil ýaşlary» atly döredijilik bäsleşiginiň Kerki etrap tapgyrynda küýzegärçilik ugry boýunça I orna etrabyň 19-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Tawus Annaýewa, heýkeltaraşlyk ugry boýunça I orna etrabyň 20-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Medine Täçmyradowa, türkmen halkynyň baý geçmiş-mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän amaly-haşam döredijilik el işleri boýunça I orna etrabyň 9-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýjahan Perhadowa, II orna etrabyň 22-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Arzuw Döwranowa, III orna etrabyň 13-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gülöwser Durdymyradowa dagylar mynasyp boldular. Bäslikde ýeňiji bolan okuwçy gyzlara TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA