BERKARAR DÖWLETIŇ KÄMIL ÝAŞLARY

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň gurnamagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölüminiň bilelikde yglan eden «Berkarar döwletiň kämil ýaşlary» at bilen geçirilýän döredijilik bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa etrabyň orta mekdeplerinde bilim alýan ýokary synp gyzlar gatnaşyp, türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän amaly-haşam döredijilik işleri (zergärçilik, küýzegärçilik, heýkeltaraşlyk) we milli işleri boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini görkezdiler. Okuwçy gyzlaryň hödürlän işlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ösüşi, eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, halkymyzyň baý geçmiş mirasy, medeni gymmatlyklarymyz, milli däp-dessurlarymyz, şanly ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy, bagtyýarlyk döwrüniň çeper keşbi öz beýanyny tapdy.

     Bäsleşigiň netijeleri boýunça Çärjew etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýnura Yhtyýarowa we 39-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Leýli Babakulyýewa bäsleşigiň küýzegärlik ugry boýunça ýeňijiler diýlip yglan edildi. Bäsleşigiň heýkeltaraşlyk ugry boýunça Çärjew etrabynyň 39-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gülaýym Rozykulyýewa we 49-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Merjen Zarafşanowa ýeňiş gazandylar. Çärjew etrabynyň 58-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Enejan Alymbaýewanyň we 39-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aziza Hemrakulyýewanyň milli el işleri iň gowularyň hatarynda görkezilip, birinji baýrakly orna mynasyp boldy. Ýene-de şu ugur boýunça okuwçy gyzlar Rozaý Jemşidowanyň, Umida Begenjowanyň, Bägül Gapbarowanyň, Dinara Rozyýewanyň sünnäli gollaryndan dörän nepis el işleri eminler toparynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

     Bäsleşikde ýeňiş gazanan gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.

 

Azat MAMEDOW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA