Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň, Daşoguz welaýat Baş bilim hem-de medeniýet müdirlikleriniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda, «Ýaşlar – Watanyň daýanjy, biz – zamanaň nowça genji» atly körpe alypbaryjylaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri wasp etmek, olary halk köpçüligine wagyz etmek, halkymyzyň dilewarlyk, ugurtapyjylyk däp-dessurlaryna sarpa goýýan dilewar, hoşsözli, ugurtapyjy, diňleýjileriň göwnüni açyp, ruhuny göterip bilýän ýaş zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi. Oňa jübütleýin görnüşde gatnaşan zehinli çagalar bäsleşigiň özüňi tanyşdyrmak, goşgyny, hekaýany ýa-da ertekini üç dilde çeper ýerine ýetirmek, haýsy hem bolsa çagalara degişli baýramçylyk dabarasyny ýa-da telegepleşigi alyp barmak şertleri boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň emin agzalary ýaş alypbaryjylaryň janly çykyşlaryna, ýerine ýetirijilik ussatlygyna, sahna medeniýetine, türkmen edebi diliniň kadalaryny berjaý edişlerine, aýdýan sözleriniň, goşgularynyň döwrebaplygyna, milliligine we çeperçilik derejesine, owaz we heň özboluşlylygyna baha berdiler.
Netije-de, daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 2-nji orta mekdebiň okuwçylary Arzuw Narmyradowa hem-de Gurban Annaweliýew 1-nji orna, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 14-nji orta mekdebiň okuwçylary Şasenem Ýusupowa hem-de Ýakup Muhammetkulyýew 2-nji orna, 34-nji orta mekdebiň okuwçylary Aziza Azizbekowa hem-de Muhammetjan Matýakubow 3-nji orna mynasyp boldular we olar bäsleşigiň indiki – Daşoguz welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Şirin HAÝTJANOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.