“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda güneşli Diýarymyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaraly çäreler, maslahatlar häzirki wagtda giň gerimde dowam edýär. Sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň baýramçylygy mynasybetli, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň, Görogly etrap häkimliginiň hem-de Görogly etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda “Sagdyn nesiller – Watanymyzyň kuwwaty” şygary bilen, sport çäresi geçirildi. Etrabyň 3-nji sport mekdebinde etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülen berkarar Watanymyzyň, halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren ajaýyp zamanamyzyň waspy belentden ýetirildi. Şowhunly tanslar, sportuň dürli görnüşleri boýunça guralan görkezme çykyşlar dabaranyň geçýän ýerinde baýram ruhubelentligini döretdi. Soňra ol ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşiklere giň orun berildi. Gyzykly sport ýaryşlary dabaranyň şowhunyny has hem artdyrdy. Ezber türgenler öňdäki orunlary eýelemegi başardylar we olara etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sport çäresine gatnaşyjylar halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny goramak babatda tutumly işleri alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.