BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNÜNE BAGYŞLANDY

     Golaýda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrap häkimligi, etrabyň medeniýet, bilim ulgamlary, şeýle-de etrabyň 2-nji sport mekdebi bilen bilelikde, Sport – sagdynlygyň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň gözbaşy atly şygar astynda  aýdym-sazly medeni-sport çäresini geçirdi. Bu ýerde türgenler sportuň karate, grek-rim göreşi, boks görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary bilen çykyş etdiler. Medeniýet-sungat işgärleriniň taýýarlan bagtyýar halkymyzy, eziz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, sagdyn durmuşy, sporty wasp edýän şirin owazly aýdymlary, tanslary baýramçylyk çäresine özboluşly bezeg berdi. Baýramçylyga bagyşlanan çärä gatnaşanlar döwletimizi gülledip ösdürmekde, halkara abraýyny arşa götermekde, halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde, türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmakda amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Çary KAKABAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar