KÄMIL BILIMLERE GIŇ ÝOL

      Şanly ösüşlere we beýik özgertmelere beslenýän güneşli ülkämizde ýaşlaryň döwrebap bilim ojaklarynda kämil bilim almaklaryny gazanmak bilen birlikde olaryň dünýäniň ylmy ädimlerinden hem baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bilim edaralaryna häzirkizaman tehnologiýalarynyň, öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagy netijesinde ýaşlara berilýän bilimiň hili-de yzygiderli ýokarlandyrylyp, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Täze tehnologiýalaryň we internetiň mümkinçiliklerinden okuw we ylmy işlerinde ýerlikli peýdalanmagy başarýan ýaşlar bu gün Watanymyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaşlara döwrebap bilim bermekde dünýäniň bilim edaralary we ýokary okuw mekdepleri bilen sazlaşykly alnyp barylýan işler, bellenilen çäreler innowasion ösüşe ýardam etjek, intellektual derejesi ösen kämil hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilik açýar.

      Ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen biz hem Lebap welaýat kitaphanasynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdik. «Sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri» diýen at bilen guralan bu duşuşykda Lebap welaýat kitaphanasynyň I derejeli usulçysy Akjagül Şamuhammedowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň hünärmeni Aýjahan Mollaýewa, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bölümçe müdiri Atabek Hamraýew, «Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň esasy hünärmeni Şöhrat Taýirow dagylar çykyş etdi. Bagtyýar ýaşlaryň çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda we pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, şeýle hem bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleri milli we halkara ülňülerine laýyk dowam etdirmek işleri yzygiderli dowam edýär. Şeýle-de ýaşlaryň internediň häzirkizaman usullaryny başarnykly ulanmaklaryny we bilim tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanmaklaryny gazanmak boýunça bilim ojaklarynda geçirilýän çäreleriň ähmiýetine üns çekildi. Şeýle çäreler okatmagyň häzirkizaman serişdeleriniň durmuşymyza ornaşdyrylmagyna, berilýän bilimleri aňly-düşünjeli özleşdirmäge, nazaryýeti amalyýet bilen baglanyşdyrmaga, okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Biz hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýaşlaryň arasynda internet, sanly ulgam, kiberhowpsuzlygy, internet medeniýeti boýunça degişli çäreleri yzygiderli dowam ederis.

 

Akmyrat NIKOLAÝEW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2024 | 54 okalan

KÖŇÜLLERIŇ ŞAMÇYRAGY

24 Iýun 2024 | 36 okalan

BAGTYÝAR KÖRPELERIŇ ARASYNDA

21 Iýun 2024 | 104 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI