WAGYZ-NESIHAT ÇÄRELERI GEÇIRILÝÄR

       Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen derejelerine ýetirmek ugrundaky aladalarynyň netijesinde ulgamyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesli milli watançylyk ruhda terbiýelemek, olaryň mynasyp nesil bolup ýetişmegini gazanmak ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda öňde goýýan wezipeleri bilim babatynda kanunçylyk namalarynda, şeýle-de ýaşlar babadaky döwlet syýasatynda göz öňüne tutulan esasy maksatlary we wezipeleri üstünlikli amala aşyrylmaga giň ýol açýar. Şol sanda ata-babalarymyz ýol-ýörelgeleri esasynda nesil terbiýesine hem örän uly ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky giň gerimli işleriň hatarynda ýaş nesli okatmagyň we terbiýelemegiň çylşyrymly wezipeleriniň üstünlikli çözülmegi ugrunda alnyp barylýan işleri görkezmek bolýar.

       Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip aýratyn belleýär. Milli Liderimiziň şu sözlerinden ugur alyp şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň orta mekdeplerinde zähmet çekýän mugallymlaryň gatnaşmagynda «Mugallymyň etikasy we estetikasy. Mugallym bilen okuwçynyň özara gatnaşygy» atly wagyz-nesihat çäreleri geçirýär. Çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap polisiýa bölüminiň we ýaşuly nesliň wekilleri çykyş edip, ýurdumyzda ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy ugrunda döredilýän ähli şertler dogrusynda täsirli gürrüňleri edýärler. Edilýän çykyşlardan hem görnüşi ýaly, ýaşlaryň döwrebap hünärlere eýe bolmaklaryna, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmeklerine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garalýar. Terbiýe we ylym-bilim meselesinde ene-atanyň hem-de mugallymlaryň öňünde uly wezipeler durýar. Mugallymçylyk kärinde mugallym bu wezipäni gödeklik bilen däl-de, mylaýymlyk bilen berjaý etmelidir. Mugallym bilen çaganyň arasyndaky arabaglanyşygy ýola goýmak başarnygy okuwçynyň mugallyma bolan hormat sylagy, mugallym bolsa sapak düşündirende okuwçynyň ylym-bilime bolan gyzyklanmasyny artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Okuwçylaryň edepli bolup ýetişmekleri ugrunda terbiýeçilik işlerini güýçlendirip, mugallym okuwçylar we olaryň ata-eneleri bilen aragatnaşyk saklamagyň zerurdygy bellenildi. Ösüp gelýän ýaş nesle türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündew beriji şygyrlarynyň, ata-babalarymyzdan miras bolan pähimleriň, pentleriň üsti bilen terbiýe bermeklige çagyryldy. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary gymmatly gollanma bolup durýar. Çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň ylymly-bilimli, watansöýüji, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda edýän döwletli işlerine köp sagbolsun aýdyp, janlarynyň sag, il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň  başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA