SANLY BILIM ULGAMYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgamy hemme taraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigini türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz, ilki bilen, ýurdumyzy sanly ulgama esaslanýan ösüşiň täze derejesine çykarmaga gönüden-göni gatnaşjak ýaşlarymyzy okatmaly we taýýarlamaly. Ylym-bilim we tehnologiýa ulgamlarynda özgertmeleri çaltlaşdyrmaly» diýip nygtamagy doly tassyklaýar. Munuň özi şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň milli ylym-bilim kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanmagyna aýdyň ýollaryň açylýandygyny hem alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek üçin döwrebap maddy-enjamlaýyn binýady döredildi we ähli mekdepler kompýuter enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen doly üpjün edilip, internet ulgamyna birikdirildi. Bu giň maksatnamalaýyn işler ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek bilen birlikde giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge hem ýol açýar. Biz hem TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny üstünliki durmuşa geçirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, elektron resminama dolanşygy we sanly hyzmatlar hakynda, internet we internet torunyň hyzmatlary, ösdürilmegi we peýdalanylmagy baradaky kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň, umumy bilim berýän orta mekdepleriň mugallymlarynyň we ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz etmek maksady bilen etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri» diýen at bilen, etrabyň bilim bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýäris. Duşuşyklarda çykyş eden wekiller Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sanly bilim ulgamyny ösdürmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň edip, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarlar.

 

Nursoltan MAKSUDOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniňesasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA