ÝAŞ ÝANGYN SÖNDÜRIJILER BÄSLEŞDILER

     Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy diýlip ykrar edilen döwletimizde ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmek maksady bilen giň gerimli çäreler, sport ýaryşlary yzygiderli dowam edýär. Golaýda şeýle çäreleriň birini Dänew etrabynyň 1-nji sport toplumynda hem guradyk. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň, Dänew etrap Polisiýa bölüminiň 505 ýangyn howpsuzlyk gullugynyň, Bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň ýaş ýangyn söndüriji toparlarynyň arasynda geçirilen ýangyn-amaly sport bäsleşigi hem şeýle ähmiýetli çäreleriň birine öwrüldi. Bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary, berk bedenli, sagdyn, geljekde durmuşa taýýar, düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmekleri baradaky talaplaryny durmuşa geçirmekden, mekdep okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmekden hem-de olaryň ýangyn howpuna garşy bolan raýatlyk borçlaryna düşünjesini artdyrmakdan ybarat bolup durýar. Mekdep okuwçylary ýaryşyň dowamynda 100 metrlik päsgelçilikli aralygy geçmek, 4*100 mertlik ýangyn estafetasy boýunça bäsleşdiler. Bäsleşikde I orna Dänew etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň okuwçysy Merdan Babajanow, II orna Dänew etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň okuwçysy Arzuw Şöhradow, III orna Dänew etrabynyň 17–nji orta mekdebiniň okuwçysy Arslan Jumaýew dagylar mynasyp boldular. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar, Hormat hatlar gowşuryldy.

 

Melike ROZYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA