MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞLY ÄNEW

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bagtyýar türkmen halkyna şanly wakalary peşgeş berýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen taryhy ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininiň, jöwher paýhasynyň miwesi bolan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bagtyýar halkymyzda çäksiz hoşallyk duýgularyny döretdi. Munuň bilen birlikde, dünýä ösüşinde mynasyp orny eýeleýän şöhratly taryhymyza, asyrlardan aşyp biziň günlerimize gelip ýeten, pederlerimiziň paýhasy hem ruhy siňen milli medeniýetimize bolan söýgi-buýsanjy has-da artdyrdy.

     Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby dünýä ýaň salan Änew şäheriniň taryhy, medeniýetiniň aýratynlyklary, Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýäde ykrar etdiren ägirtleriň onuň taryhyny öwrenmekde alyp baran işleri barada köp sanly gymmatly maglumatlary özünde jemlemek bilen, onda gadymy we juwan şäheriň şöhratly şu güni hakynda hem giňişleýin gürrüň edilýär. Şeýle-de ajaýyp kitapda berkarar ýurdumyzda taryhy ýadygärliklerimizi, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada söhbet edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň: «Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr» diýlip belläp geçişi ýaly, täze kitap ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazyna bolmak bilen birlikde her birimiziň döredijilikli başlangyçlarymyzyň, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň halkara abraýynyň belende galmagynyň hatyrasyna alyp barýan işlerimiziň ylham çeşmesi bolup hyzmat eder.

     Biz hem hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň elimize gowuşmagyna bagyşlap Lebap welaýatynyň Bagt köşgi toý dabaralar zalynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdik. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmenleri Dursunjemal Saryýewa, Maýa Bäşimowa we Dänew etrabynyň ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň mugallymy,Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Reýhan Ömürzakowa gatnaşyp, öz ýürek buýsançlaryny ildeşlerimiz bilen paýlaşdylar. Çykyşlarda Änew şäheriniň, 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň ähmiýeti barada giňişleýin söhbet etdiler. «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen medeniýetini ösdürmekde, dünýä ýaýmakda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň rowaç almagyny, galamynyň ujunyň ýiti bolmagyny, ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

 

Maýa BÄŞIMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň  Dänew etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA