WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYKLARY GIŇ GERIM ALÝAR

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyny we ýurdumyzda elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri ilat arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilýän duşuşyklaryň gerimi has-da giňeýär. Şeýle ähmiýetli çäreleri orta mekdeplerde bilim alýan ýaşlaryň arasynda hem yzygiderli geçirýäris. «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumat goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynynyň talaplaryny ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň, umumy bilim berýän orta mekdepleriň mugallymlarynyň we ýokary synp okuwçylarynyň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilýän duşuşyklarda internet ulgamyndan peýdalanmagyň zerur düzgünlerine aýratyn üns çekilýär. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrap häkimliginiň işgärleri, etrap polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň, etrap poçta aragatnaşyk merkeziniň işgärleri öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işlere aýratyn üns çekýärler. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek üçin döwrebap maddy-enjamlaýyn binýat döredildi, ähli mekdepler kompýuter bilen doly üpjün edilen hem-de internet ulgamyna birikdirildi. Ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Duşuşyklarda ähli ulgamlarda we pudaklarda sanly ulgama geçmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edilýär.

 

Maral HUDAÝKULYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA