ASYLLY TERBIÝE — MILLI ÝÖRELGE

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilendir. Döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen ýörelgesine laýyklykda, ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy, zehin başarnygyny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurtdur. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir» diýip, ýaşlara eziz Watanymyzyň at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýän gurujylar hökmünde uly ynam bildirýär. Türkmen ýaşlarynyň baş maksady bolsa okamak, öwrenmek, zähmet çekmek arkaly kämilligiň basgançaklaryna aralaşmakdan, täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özlerine bildirýän beýik ynamyny ödemekden we Watanymyza, döwrümize mynasyp şahsyýetler bolup ýetişmekden ybaratdyr.

       Biz hem ýurdumyzda watansöýüji ýaşlaryň kemla gelmegine goşant goşmak maksady bilen ýakynda Kerki etrabynyň orta mekdeplerinde «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 15-nji martyndaky Permanynyň iş ýüzünde ýerine ýetirilmegini gazanmak maksady bilen harby gulluk borjuny ýerine ýetirmek üçin 2024-nji ýylyň ýazky çagyrylyşyna degişli bolan oglanlar hem-de olaryň hossarlarynyň gatnaşmagynda «Asylly terbiýe — milli ýörelge» atly wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Ýygnagyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň işgärleri, Kerki etrap harby wekilligiň wekilleri, TDP-niň Kerki etrap komitetiniň, TKA-nyň Kerki etrap birleşmesiniň we TAP-nyň Kerki etrap komitetiniň hünärmenleri çykyş edýärler. Ýygnakda çykyş edenler mukaddes Watanymyzy gözümiziň göreji dey janymyz-tenimiz bilen gorap saklamagyň biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdygy barada giňişleýin gürrüň edýärler.

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň  başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA