ÝAŞ ÝANGYN SÖNDÜRIJILER BÄSLEŞDILER

     Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy diýlip ykrar edilen döwletimizde ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmek maksady bilen giň gerimli çäreler, sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Golaýda şeýle çäreleriň birini Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebinde hem guradyk. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölümi, Baş bilim müdirligi, Lebap welaýat Saglygy goraýyş müdirligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat bölümi, welaýat Medeniýet müdirligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi, Bedenterbiýe we Sport baradaky baş müdirligi, Türkmenistanyň Ýangyna Garşy meýletin jemgyýetiniň Türkmenabat şäher şahamçasy bilelikde guramagynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi hem şeýle ähmiýetli çäreleriň birine öwrüldi. Oňa welaýatyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň ýaş ýangyn söndüriji toparlary gatnaşdy. Bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentiniň ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, berk bedenli, sagdyn, geljekde durmuşa taýýar, düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmekleri baradaky talaplaryny durmuşa geçirmekden, mekdep okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmekden hem-de olaryň ýangyn howpuna garşy bolan raýatlyk borçlaryna düşünjeliligi artdyrmakdan ybarat boldy. Mekdep okuwçylary ýaryşyň dowamynda 100 metrlik päsgelçilikli aralygy geçmek, 4*100 metrlik ýangyn estafetasy we käbir beýleki şertler boýunça özaralarynda bäsleşdiler. Şeýle hem bu günki çäräniň dowamynda bagtyýar ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlaryna, sport mekdeplerinde tälim alýan türgenleriň görkezme çykyşlaryna giň orun berildi.

     Gyzykly we täsirli geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça I orna Dänew etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň okuwçysy Azat Abdyrahmanow, II orna Saýat etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň okuwçysy Baýram Gylyjow, III orna Çärjew etrabynyň 45-nji orta mekdebiniň okuwçysy Meňli Rustamow mynasyp boldular. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy

 

Owadan BABAGULYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat  Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA