Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdepde “Müňýyllyklardan söhbet açýan kitap” atly şygar astynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Oňa mekdebiň ýokary synp okuwçy ýaşlary gatnaşdylar. Dabarada edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eseriniň halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze edebi eseriniň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, täze bilimleri öwrenmäge höweslendirmekde, ildeşlerimizi zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmakda gymmatly gollanma boljakdygyny belläp, baý milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi hem-de geljekki nesillere ýetirilmegi babatda edýän bimöçber aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar. Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň medeni mirasyny, taryhyny ylmy esasda öwrenmek, gadymy gymmatlyklary ýüze çykarmak we dikeltmek, olary geljekki nesillere ýetirmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw etdiler.
Hudaýnazar MEREDOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.