Ýaňy-ýakynda şeýle şygar astynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli, etrabyň Gubadag şäherindäki Magtymguly meýdançasynda etrap häkimligi, etrabyň medeniýet we bilim bölümleri bilen bilelikde, aýdym-sazly çäre geçirdi. Şanly ýylymyza, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärä etrabyň medeniýet, bilim ulgamlarynda zähmet çekýän işgärler, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Aýdym-sazly çärede döredijiligiň ýaş wekilleri özleriniň Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan goşgularyny labyzly okadylar. Bu ýerde Gubadag şäher çagalar sungat mekdebiniň okuwçy ýaşlarynyň çeken suratlarynyň sergileri guraldy. Çärede edilen çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olara halal zähmet çekmegi ündemekde uly gollanma bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Şeýle-de, geçen ýylyň oktýabrynda Magtymguly atamyzyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigi, 2024 – 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde belleniljek şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň goşulandygy, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşi tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginiň türkmen halkynyň beýik danasy Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä ýurtlary, halkara guramalary tarapyndan giňden öwrenilýändiginiň we oňa uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň nyşanydygy, bir-birinden zyýada gelýän ajaýyp ýyllaryň biri boljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hem belent tutumlara, uly dabaralara beslenjekdigi buýsanç bilen bellenildi. Çäre etrabyň medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, akyldar şahyrymyzy wasp edip, ýerine ýetiren şirin owazly aýdymlary bilen utgaşyp gitdi.
Parahat SABYROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.