ADYL KANUNLY DÖWLET

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bank ulgamynda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, hyzmatlaryň hilini has-da kämilleşdirmek, işgärleriň döwlet gullugynda bildirilýän talaplary barada wagyz etmek maksady bilen, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan Kerki etrabynyň Türkmenistanyň «Türkmenistan» DTB Kerki etrap şahamçasynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda «Adyl kanunly Döwlet» atly duşuşyk geçirildi.

       Täsirli geçen çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň, Kerki etrap kazyýetiniň, Türkmenistanyň «Türkmenistan» DTB Kerki etrap şahamçasynyň wekilleri çykyş etdiler. Çykyş edenler döwlet gullugynda işlemegiň we özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada, bu babatda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalary dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

       Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzda bagtyýar durmuşda ýaşap, halal zähmet çekmek üçin döredilýän giň mümkinçilikler, oňaýly şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýdyp, janlaryň sag, durmuşa geçirýän beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA