BAŞARJAŇ ÝAŞLAR BÄSLEŞDILER

      Ýaňy-ýakynda, ýaşlary döredijilige höweslendirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmak we artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, Lebap welaýat Baş Bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölüminiň bilelikde yglan eden «Berkarar döwletiň kämil ýaşlary» atly döredijilik bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi.

      Bu tapgyr Saýat etrabynyň orta mekdeplerinde bilim alýan gyzlar gatnaşyp, milli sungatyň ýol-ýörelgelerini dowam etdirmek, milli nusgadaky el işlerini ýerine ýetirmek, amaly-haşam sungatynyň eserlerini döretmek boýunça bäsleşdiler. Ýaşlaryň bäsleşige hödürlän sungat eserlerinde türkmen halkynyň baý geçmiş mirasynyň görnüşleri, olary ýerine ýetirmegiň syrlary öz beýanyny tapyp, medeni gymmatlyklarymyzyň durmuşymyzdaky ähmiýeti şöhlelendirildi.

      Bäsleşige hödürlenen işler emin agzalary tarapyndan mynasyp bahalandyryldy. Küýzegärlik ugry boýunça Saýat etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Ajaýyp Garýagdyýewanyň işleri iň ýokary baha mynasyp bolup, birinji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň milli el işleri ugry boýunça etrabyň 21-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Merjen Atajanowa, 22-nji orta mekdebiniň okuwçysy Bossan Serdarowa, 28-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gülöwser Zakirjanowa, 30-njy orta mekdebiniň okuwçysy Gülnur Gurbanmyradowa, 34-nji orta mekdebiniň okuwçysy Albina Ökdemjanowa dagylar ýeňijiler diýlip yglan edildiler. Ýeňiş gazanan we üstünlikli çykyş eden gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Maral HUDAÝKULYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA