ÝAŞ NAKGAŞLAR BÄSLEŞDILER

      Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň geljegi bolan ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermekde, ýaş nesilleri milli ruhy-ahlak ýörelgeler esasynda terbiýelemekde uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky işlere mynasyp goşant goşmak maksady bilen, golaýda Darganata etrabynyň Çagalar sungat mekdebinde ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek, olarda medeniýete we sungata söýgini döretmek maksady bilen, «Meniň Watanym» ady bilen şekillendiriş sungaty boýunça bäsleşik geçirildi.

      Bäsleşige gatnaşan okuwçylar ýurdumyzyň gadymy ýadygärliklerini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda gurlup ulanylmaga berlen binalardyr desgalary, ýaşyl dona bürenen gözel tebigatymyzy öz suratlarynda janlandyrdylar. Bäsleşik gyzgalaňly we çekeleşikli häsiýete eýe bolup, çagalaryň döredijilige bolan söýgüsini we höwesini has-da artdyrdy.

      Bäsleşigiň netijeleri boýunça Darganata etrabynyň Çagalar Sungat mekdebiniň okuwçysy Aýbölek Akgaýewa özüniň döreden surat eserleri bilen birinji orna mynasyp boldy. Meňli Kösäýewa bolsa ikinji orny eýeledi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

 

Sumbar MAMEDBAÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Darganata

etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA