SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ýokary depginler bilen sanlylaşdyrylýar we innowasion ykdysadyýet kemala getirilýär. Ýurdumyzda bu ugry ösdürmek boýunça onuň kanunçylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär we maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hem-de milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge gönükdirilen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

    Şu günlerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyzyň agzybir işgärleri we işjeňleri hem Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňde goýan gaýragoýulmasyz wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary geçirýärler. Şeýle duşuşyklarda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplary etrabymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň, umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlarynyň we ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda giňden düşündirilýär. Ýurdumyzda geçirilýän şeýle ähmiýetli çärelerde etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrap Prokuraturasynyň işgärleri, aragatnaşyk bölüminiň we bilim bölüminiň hünärmenleri özleriniň çykyşlarynda sanly ulgamyň köp işleri ýeňilleşdirýändigi, ýerine ýetirilýän amallary tizleşdirýändigi we wagty tygşytlaýandygy dogrusynda nygtap, şonuň bilen birlikde-de, ondan peýdalanylanda, maglumat we kiberhowpsuzlygyny berjaý etmekligiň esasy talaplaryň biri bolup durýandygyny ýaşlara düşündirýärler. Duşuşyklarda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek arkaly Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdylýar.

 

Oraz AKMUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA