SPORT — SAGLYGYŇ GÖZBAŞY

      Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalaryny has işjeň amala aşyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Ynsan saglygyny üpjün etmegiň möhüm ugurlarynyň biri-de sagdyn durmuşy wagyz etmekdir, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek we ony durmuşa ornaşdyrmakdyr.

      Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sargytlaryndan ugur alyp, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, jemgyýetiň abadançylygyny, watansöýüji, sagdyn we berk bedenli ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün etmek, olary sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Hokkeý» boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi mynasybetli hem-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, geljekki nesilleriň eşretli durmuşda ýaşamagy, dünýägaraýyşlarynyň giňelmeginde, sporty we bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmek we özlerini kämilleşdirmek maksady bilen «Sport—saglygyň gözbaşy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni Oýdin Aşirowa, Kerki etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Eziz Öwlýagulyýew, Kerki etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okwçylary, 1-nji sport mekdebiniň türgenleri Ýusup, Ahmet Taýmazgeldiýewler, 2107 harby bölüminiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Baýram Mämmäýew çykyş etdiler. Çykyşlarda ýurdumyzda geçirilýän dünýä çempionatlary barada, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek we sport äleminde türkmen ýaşlaryň üstünlikleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary we halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklary üçin döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýtdylar.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA