TÄSIN GALDYRAN GEZELENÇ

       Gojaman Köýtendag türkmen tebigatynyň täsinliklere we gözelliklere baý künjekleriniň biridir. Bahar paslynyň gelmegi bilen Köýtendagyň meýdanlary al-elwan güllere bürenip, özboluşly tebigy gözelligi emele getirýär. Bu gözel mesgeniň jana ýakymly arassa howasy, dury we bol suwly jülgedir çeşmeleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi, syrly rowaýatlary bilen özüne bendi edýän ululy-kiçili gowaklary we başga-da ençeme owadanlyklary köpleriň ünsüni çekýär.

       Golaýda ajaýyp künjegiň tebigy gözelliklerine we täsinliklerini ýakyndan synlamak maksady bilen guralan gezelenje Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, şäher we etrap Geňeşleriniň agzybir işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Köýtendag etrabynyň çäginde gurlup ulanylmaga berlen döwrebap çagalar baglaryny, sport mekdeplerini, umumybilim berýän orta mekdeplerini, täze desgalary ýol ugruna synlamak bizde ýakymly duýgulary oýardy.

       Durmuş hakykatyndan gözbaş alýan ýörgünli «Gudrat görseň, daglara bar» diýlen pähimiň jaýdar aýdylandygyna Köýtendagyň Hojaýpil obasyndaky Dinozawrlaryň belent tekizligine, Kyrk gyz gowagyna, Bazardepe obasyndaky Daraýdere jülgesine we beýlekilere gezelenjimizde has aýdyň göz ýetirdik. Gezelenjiň dowamynda Köýten obasyndaky Köýten kölüne we ýaşy birnäçe ýüz ýyla ýeten äpet çynara, Garlyk obasyndaky Gaýnar baba mineral çeşmesine we Gaýnar baba kölüne hem baryp gördük. Köýtendagyň belentli-pesli baýyrlyklary, el bilen ýasalan ýaly dik, kert gaýalary, salkyn-saýaly baglary, al-elwan gülälekli meýdanlary, gaýalaryň arasyndan eşidilýän dürli guşlaryň ajaýyp sesleri, ýakymly ysy bark urýan ösümlikleriň dürli görnüşleri bizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

       Gezelenje gatnaşyjylar ýaşlaryň bagtyýar geljegi ugrunda uly aladalar edýän, tebigatyň gujagyna ýygy-ýygydan gezelençleri guramaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Tursuntaş IRGAŞOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2024 | 54 okalan

KÖŇÜLLERIŇ ŞAMÇYRAGY

24 Iýun 2024 | 36 okalan

BAGTYÝAR KÖRPELERIŇ ARASYNDA

21 Iýun 2024 | 104 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI