WATAN GORAGY — MUKADDES BORÇ

       Göbek ganyň daman ýeri bolan eziz Watanyňy başyna täç etmek, ony goramak her bir ynsan üçin mukaddes borçdur. Watan her bir ynsanyň at-abraýydyr, ar-namysydyr. Her bir adama, her bir Watan goragçysyna mukaddes Watançylyk kasamyny, döwlet senasyny, harby kasamy ruhubelentlik bilen ýerine ýetirmek belent mertebedir. Edebi ýürekden sözlemek, aňryň bilen sözlemek, tutuş barlygyň bilen Watanyň öňünde, Watanyň duzunyň öňünde Watanymyzy gorajakdygymyza, gözümiziň göreji deýin saklajakdygymyza Kasam etdikmi? Diýmek, onda biz Kasamymyza, ähdimize wepaly bolmalydyrys. Sebäbi, Kasamymyzdan dänmek, Kasamyňdan gaýtmak — Watanyňdan ýüz döndermekdir.

       Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bütin halkymyza sowgat eden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň «Watan goragy ynamly gollarda» atly bölüminde şeýle jümleler bar: «Ata-babalarymyz Watany belent başlarynyň mertebesi saýypdyrlar. Watan — adamzat ömrüniň manysy. Jandan eziz, ynamdan, ygrardan, gudratdan dörän, Hakyň nazary siňen ata Watan her bir ynsanyň kalbynda ebedi ýaşaýar. Gözüň gören topragy, ýüregiň aram tapan mekany bolsa, kalp çuňlugyndan doguma, gaýrata, mukaddes kelama siňip, adamzadyň watançylyk duýgusynyň iň naýbaşy nusgasy hökmünde beýan edilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan merdana Watan goragçylaryna ömürdir, ykbaldyr, mertebedir. Bu gün gaýduwsyz, edermen türkmen serkerdeleri, ýaş watançy esgerler ata Watanymyzyň mukaddes goragynda sak durup, ýurt asudalygyny, parahatlygyny, abadanlygyny berkarar edýärler». Biz hem hormatly Prezidentimiziň şeýle ganatly sözlerinden ruhlanyp, şeýle-de «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 15-nji martyndaky Permanyny iş ýüzünde ýerine ýetirmäge, ýaşlaryň arasynda watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmaga, olara eziz Watanyň we onuň goragynyň mukaddesligini düşündirmäge gönükdirilen işlere öz mynasyp goşandymyzy goşýarys. Şu maksat bilen etrabymyzyň Farap şäherinde ýerleşýän 2111 harby bölüminde «Watan goragy — mukaddes borç» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdik. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Watan goragynyň mukaddesligi, Watan goragçylaryna döredilip berilýän mümkinçilikler barada buýsançly gürrüňler etdiler. Ýurt asudalygyny, parahatlygyny goraýan Watan goragçylarymyza ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

 

Erkin HEZRETOW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA