ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARYNDA PYRAGY

     Bedew batly, beýik ösüşli döwletimizde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly senelere beslenýär. Bilşimiz ýaly, şanly ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerinde dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere giň gerim berilýär. Gündogaryň akyldary hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň umman ýaly giň we çuňňur mana eýe bolan döredijiligine bagyşlanyp geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler, döredijilik agşamlary we söhbetdeşlik duşuşyklary biziň etrabymyzda hem giňden ýaýbaňlandyrylyp, ýaşlar olara işjeň gatnaşýarlar. Biz hem Magtymguly atamyzyň döredijilik dünýäsi dogrusynda täsirli söhbet etmek, beýik şahyryň edep-terbiýä, görüm-göreldä ýugrulan şygyrlaryny ýaşlarynyň arasynda wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap we Halaç etrap Geňeşleriniň işgärleri bilen bilelikde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdik.

     Halaç etrabyndaky 31-nji orta mekdebinde guran bu söhbetdeşligimizde milli mirasymyza we çeper döredijilige uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň şanyny dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda buýsançly söhbet edildi. Soňra üstümizdäki ýylyň taryhy wakasyna öwrüljek türkmen edebiýatynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralaryny dostlukly türki halklary bilen bilelikde bellemäge görülýän taýýarlyk işleri barada täsirli gürrüňler edildi. Söz mülküniň zergäri Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýaşlary watançylyk, ýokary ahlaklylyk, belent adamkärçilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda edilen gürrüňler söhbetdeşligiň özenini düzdi. Şeýle-de TMÝG-niň etrap Geňeşleri tarapyndan bu ugurda ýaşlarynyň arasynda alnyp barylýan çäreler, maslahatlar, bäsleşikler barada-da giňişleýin gürrüň edildi. Bagtyýar ýaşlarymyzyň eden buýsançly çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly, akyldar şahyrymyzyň abraý-mertebesi bu günki gün diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara jemgyýetçiliginde-de hasam belende galýar. Beýik söz ussadynyň şanyny dünýä ýaýýan, nusgawy şahyrymyzyň döredijilik älemini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

 

Gülzar BEKMURADOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA