MILLI GYMMATLYKLARA SARPA

     Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli atçylyk pudagyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän giň gerimli işler behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýäde dabaralandyrmakda giň mümkinçilikleri açýar. Halkymyzyň ady äleme dolan meşhur ahalteke bedewleri milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şu günlerinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna uludan taýýarlyk görülýär. Guralýan maslahatlar, baýramçylyk çäreleri ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da beýgeldýär. Şu şanly sene mynasybetli biz hem Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimizde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde «Behişdi bedewim — milli gymmatlygym» atly wagtlaýyn sergi guradyk. Onuň açylyş dabarasyna syýasy partiýalaryň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

     Serginiň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda soňky ýyllarda ahalteke bedewleriniň gadymy şöhraty dikeltmek, olaryň arassa ganly tohumyny köpeltmek, idetmek, atçylyk sportuny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän şanly özgertmeler dogrusynda aýratyn nygtaldy. Sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan bedew atlary üçin niýetlenilen keçe, haly we kilim önümleri, torbalar we atlar üçin niýetlenen şaý-sepler ýerleşdirildi. Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, nakgaş Alymjan Işankulyýewiň bedew atlarymyzy wasp edip  çeken «Türkmen awy», «Awda», «Türkmeniň gymmatlygy», «Dostluk» ýaly  reňkli grafika eserleriniň täze toplumy, Merdan Atajanowyň «Bedew» atly heýkeli, Merdan Öwezowyň «Soltansöýun we Myraly» atly miniatýura işleri görkezildi. Ýaş nakgaşçylaryň döreden eserlerinde-de türkmen bedewleriniň waspy öz beýanyny tapdy.

 

Tawus GURBANOWA,

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekskursawody,

TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2024 | 54 okalan

KÖŇÜLLERIŇ ŞAMÇYRAGY

24 Iýun 2024 | 36 okalan

BAGTYÝAR KÖRPELERIŇ ARASYNDA

21 Iýun 2024 | 104 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI