SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI

      Ýurdumyzda sport we bedenterbiýe hereketleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna, ýaşlary sagdynlyk ruhunda terbiýelemäge öz mynasyp goşandymyzy goşmak maksady bilen TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan dürli ýaryşlary, sport bäsleşiklerini hem yzygiderli guraýarys. Şu maksat bilen, golaýda Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebinde sportuň sambo we söweş sambosy, dzýudo görnüşleri boýunça ýaş pälwanlaryň arasynda sport ýaryşlaryny geçirdik. Ýaryşda 2007—2009-njy ýyllarda doglan ýetginjek pälwanlar Lebap welaýatynyň birinjiligini gazanmak ugrunda öz aralarynda güýç synanyşdylar. Bu ýaryşlarda oglan-gyzlar jemi 8 agram derejesi boýunça öz ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler.

      Boýdan başa gyzgalaňly we çekeleşikli pursatlara baý bolan duşuşyklar ýaşlar üçin ýene bir kämillik mekdebi boldy. Onda welaýatymyzyň ussat tälimçileriniň elinde tälim alýan türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Ýagny sportuň dzýudo görnüşi boýunça Çärjew etrabyndan tälimçi Gaýrat Zeripowyň tälim berýän türgenleri Jasurbek Jemşidow, Atabek Bahtiýarow, Halaç etrabyndan tälimçi Serdar Kadyrowyň türgeni Atamyrat Guwanjow, Türkmenabat şäherinden tälimçi Nasiba Hallyýewanyň şägirdi Nurana Rozykulowa, tälimçi Zarina Saparowanyň tälim berýän türgeni Çinar Babajanowa, ussat tälimçi Şirin Kubaýewanyň tälim berýän türgeni Jeren Muradowa dagylar üstünlikli çykyş edip, öz agram derejelerinde birinjilige eýe boldular. Sportuň sambo we söweş sambo görnüşi boýunça Saýat etrabyndan tälimçi Baýram Artykowyň tälim berýän türgeni Myrat Serdarow, Köýtendag etrabyndan tälimçi Penji Begaliýewiň şägirdi Jelaleddin Sapartäçow, Çärjew etrabyndan tälimçi Batyr Hojakuliýewiň türgenleri Islam Muhiddinow, Guwanç Atajanow, Türkmenabat şäherinden  tälimçi Serdar Açilowyň türgenleri Agajan Husainow, Azat Bazarow, tälimçi Alijan Ýusupowyň türgeni Çerkez Bibitow dagylar hem üstünlikli çykyş etdiler we ýeňiş gazandylar. Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebi tarapyndan Hormat hatlary bilen sylaglanyldylar.

 

Gülşat ÇARYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA