SPORT BILEN SAGDYN GELJEGE TARAP

      Şu gün sportuň woleýbol görnüşi boýunça edara-kärhanalaryň we guramalaryň işgärleriniň arasynda Arkadag şäheriniň çempionatyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryş Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasy esasynda geçirilip, oňa şäheriň çägindäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

      Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda geçirilen bu ýaryşyň esasy maksady k hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa ornaşdyrmakdan, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekden, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekden, olarda sagdyn durmuş endiklerini ösdürmekden ybarat boldy.

      Turuwbaşdan täsirli geçen ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY