TÜRKMEN BEDEWINIŇ ŞANYNA

        Düýn Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde ýurdumyzda ýokary derejede toýlanylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Ony Arkadag şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi, Arkadag şäheriniň Maliýe müdirligi, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilelikde guradylar.

        Söhbetdeşlikde halkymyzyň milli we medeni gymmatlyklary, aýratyn-da çawy dünýä ýaýran ahalteke atlarynyň gymmaty dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem türkmen medeniýetini, sungatyny, milli mirasyny we gymmatlyklaryny öwrenmekde, dikeltmekde we geljekki nesillere ýetirmekde alyp barýan uly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

        Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde şirin aýdym-sazlar joşgun bilen aýdyldy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY