Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz şäherindäki “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher we etrap Geňeşleriniň işgärleriniň arasynda «Behişdi bedewler – uçar ganatym» atly zehin bäsleşigini geçirdi. Zehin bäsleşiginiň özenini halkymyzyň milli buýsanjy, ynsan gylykly ajaýyp bedewlerimiz bilen bagly sorag-jogaplar düzdi. Bu bäsleşik gyzykly ýagdaýda geçip, onuň ýokary guramaçylygy üpjün edildi.
Netije-de, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher, Akdepe we Şabat etrap Geňeşleriniň ýygyndy toparlary degişlilikde 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan ýygyndy toparlara bäsleşigiň guramaçy guramasy tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Orazgül AMANMÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.