Golaýda şeýle at bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylmagy hem-de Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurlup, ulanylmaga berilmegi mynasybetli, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik çäresini gurady. Oňa Ýaşlar guramasynyň ýerlerdäki wekilleri hem-de işjeň agzalary gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde edilen çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde, ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler, sebitde deňi-taýy bolmadyk gurulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalar, eziz Diýarymyzyň ulag-kommunikasiýa düzümi, iri taslamalar, “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler barada buýsançly gürrüňler edildi.
Şemşat SÄHETGULYÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hasapçy-buhgalteri.