TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMYNA BAGYŞLANDY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat we Daşoguz şäher Geňeşleri Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde, Daşoguz şäherindäki “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, «Şan-şöhraty dünýä dolan bedewim» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri, işjeň agzalary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar, atşynaslar, seýisler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk ruhunda geçen dabarada Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren ajaýypdan-ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary oňa gatnaşanlara ýatdan çykmajak duýgulary paýlady. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar türkmen atlarynyň at-abraýyny, milli ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Mämmetjan BABAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar