ÇALSANA, BAGŞY!

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap tapgyry

     Ýaňy-ýakynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde, ýaş bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa zehinli bagşy-sazandalaryň birnäçesi gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjy bagşy-sazandalaryň dutarda joşup, ýerine ýetiren aýdym-sazlary ildeşlerimizde ýakymly duýgulary döretdi. Bäsleşigiň dowamynda türkmen halk aýdym-sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ýerine ýetirmek babatdaky ukyp-başarnygyny görkezen bagşy-sazandalar halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýändiklerini hem çykyşlarynyň üsti bilen aýan etdiler. Onda halypa aýdymçylardan ybarat eminler topary ýaş zehinlileriň ýerine ýetirijilik ukyp-başarnygyna, sahna medeniýetiniň sazlaşygyna, şirin zybanyna, aýdymlaryň sözleriniň çeperçiligine we aýdylyş derejesine baha berdiler.

     “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň etrap tapgyry şowhunly geçirildi we onda öz ussatlygyny görkezen türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Söhbet Sabyrow, “Buzgömen” oba medeniýet öýüniň ýaş höwesjeňi Altyn Baýlyýewa, “Zaman” oba medeniýet öýüniň ýaş höwesjeňi Araztagan Gurbannazarow, “Aksaraý” oba medeniýet öýüniň ýaş höwesjeňi Çaryýar Berdiýew ýeňiji bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

     Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar