YKDYSATÇYLARYŇ ARASYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti bilen bilelikde, Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda Daşoguz welaýat zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi hem-de Daşoguz welaýat pensiýa gaznasynyň müdirlikleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda, “Halal zähmet – bagtyýar durmuşyň kepilidir” atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

Duşuşykda ýurdumyzda hereket edýän Kanunlar we olardan gelip çykýan wezipeler, halal durmuş ýörelgeleri, döwlet gullukçysyna bildirilýän talaplar, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan halkymyzyň eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşamagy üçin döredilýän giň mümkinçilikler, ýaşlary halallyga uýýan, mert-merdana, il-halkyny söýýän, watansöýüji, ylym-bilim taýdan ýüküniň ýetik, milliligimize, şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza guwanýan we buýsanýan ruhdaky ýaşlar edip terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, terbiýeçilik işiniň ähmiýeti we onuň berýän netijeleri, ynsanperwer ýörelgeler, ýaşlaryň eziz Watanymyzyň ösüşlerine goşýan uly goşantlary dogrusynda giňişleýin bellenip geçildi. Bu duşuşyk özüniň täsirli çykyşlara baýdygy bilen tapawutlandy.

 

Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.

Öňki makala

ÇALSANA, BAGŞY!

Indiki makala

EDEBI AGŞAM GEÇIRILDI

Meňzeş habarlar