EDEBI AGŞAM GEÇIRILDI

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap bilim bölümi bilen bilelikde, 1-nji orta mekdepde “Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy” atly edebi agşam geçirdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny dabaralandyrmak, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäreleri guramak, şahyryň döredijiligini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, ýaşlary kitap okamaklyga, döredijilige höweslendirmek maksady bilen geçirilen edebi agşamda bu mekdebiň türkmen dili we edebiýaty dersiniň mugallymlary Annagül Nepesowa, Bahar Nazarowa, Aýgözel Meredowa dagylar Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligi, dürli temalardaky şygyrlarynyň öwrenilişi, mekdepde geçilýän sapaklaryň çäklerinde Magtymguly Pyraga degişli rowaýatlary aýtmak, goşgularyny ýatdan okamak ýaly bäsleşikleriň guramaçylykly geçirilişi, bu babatda okuwçylaryň etrap, welaýat, döwlet derejelerinde gazanýan üstünlikleri, ýylymyzyň şygaryny dabaralandyrmaklyga bagyşlanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Şonuň ýaly-da, bu mekdebiň 11-nji synp okuwçysy, ýaş şahyr Daýanç Tagyşow Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden goşgularyny okap berdi. Edebi agşama gatnaşan okuwçylar Magtymguly Pyraga bagyşlanan çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler, akyldar şahyryň şygyrlaryny ýatdan okadylar.

         Edebi agşama gatnaşyjylar milli medeniýetimizi we edebiýatymyzy ösdürmeklige, şahyryň döredijiligini dünýä ýaýmaklyga aýratyn üns berýän, türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaklyga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden alkyş aýtdylar.

 

Kamolbek SOBIROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar