BAGTYÝAR GELJEGIŇ GÖZBAŞY

       Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat we Daşoguz şäher Geňeşleri Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirligi bilen bilelikde, Daşoguz welaýat kitaphanasynda Daşoguz welaýat pensiýa gaznasynyň müdirliginiň işgärleriniň gatnaşmagynda, ilatyň arasynda kibermedeniýeti ýokarlandyrmak, bu ugurda ýurdumyzda hereket edýän Kanunlaryň many-mazmunyny giňden düşündirmek maksady bilen, “Bagtyýar geljegiň gözbaşy” şygary astynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşynyň we «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlaryň many-mazmuny, wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi, peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplary babatda giňişleýin wagyz etdiler.

       Häzirki wagtda şeýle maksatly wagyz-nesihat çäreleri ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlarynyň, ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýär.

 

 

Aýnur ÝUSUPOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar