Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Daşoguz welaýat Geňeşleri, Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyny we internet ulgamy boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, sanly ulgam boýunça okuw-usuly maslahatyny geçirdi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Magsat Otuzow alyp bardy. Maslahatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekili Şatlyk Silapow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet Meredow, Daşoguz welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi Bilbil Saparowa dagylar täsirli çykyş etdiler. Çykyş edenler sanly ykdysadyýetiň durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, kibermedeniýet sowatlylygynyň zerurlygy, kibermedeniýetiň ösüşi bilen bir hatarda, onuň tehnologiýalary, hukuk esaslary, adamyň sosial-psihologiki we saglyk ýagdaýlaryna täsirleri, sanly ulgamyň mümkinçilikleri we ony netijeli ulanmagyň ýollary, kompýuter tehnologiýalaryndan dogry peýdalanmak, olaryň peýdaly we zyýanly taraplary, şeýle-de, ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaşlarymyzyň kiber ulgama baglylygynyň öňüni almak barada giňişleýin düşündirdiler. Edilen çykyşlar maslahata gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Magsat OTUZOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.