BOLDUMSAZDA ÝAŞLARYŇ KIBERMEDENIÝETI BOÝUNÇA OKUW-USULY MASLAHAT GEÇIRILDI

      Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi, Daşoguz welaýat we Boldumsaz etrap Geňeşleri, Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyny we internet ulgamy boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, sanly ulgam boýunça okuw-usuly maslahatyny geçirdi.

Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Magsat Otuzow alyp bardy. Maslahatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekili Şatlyk Silapow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet Meredow, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň prokurorynyň kömekçisi Serdar Kakyşow dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda sanly ykdysadyýetiň durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, kibermedeniýet sowatlylygynyň zerurlygy, kibermedeniýetiň ösüşi bilen bir hatarda, onuň tehnologiýalary, hukuk esaslary, adamyň sosial-psihologiki we saglyk ýagdaýlaryna täsirleri, sanly ulgamyň mümkinçilikleri we ony netijeli ulanmagyň ýollary, kompýuter tehnologiýalaryndan dogry peýdalanmak, olaryň peýdaly we zyýanly taraplary, şeýle-de, ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaşlarymyzyň kiber ulgama baglylygynyň öňüni almak barada giňişleýin bellenildi. Bu okuw-usuly maslahat çykyşlarynyň täsirliligi bilen tapawutlandy.

 

Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar