BAGTLY ERTIRLERIŇ ÝALKYMY

      Milli Liderimiziň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ata Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülip, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler, beýik özgertmeler özüniň oňyn miwelerini berýär. Bu gün sporty özlerine hemişelik hemra edinýän bagtyýar ýaşlarymyz milli we halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarda öz ussatlyklaryny görkezip, türkmen sportunyň şanyny bütin äleme ýaýýarlar. Şeýle hem, döwletimiz halkara sport ýaryşlarynyň hem geçirilýän, dünýäniň sport wekilleriniň jemlenýän merkezleriniň birine öwrüldi. Bu hakykata golaýda paýtagtymyz Aşgabatda hokkeý boýunça geçirilen halkara ýaryşyň we şol ýaryşda türgenlerimiziň gazanan ýokary üstünliginiň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirmek bolar. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu ýaryş Garaşsyz Watanymyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, ilaty sagdynlyk ruhunda terbiýelemäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini dünýä jemgyýetçiligine ýene bir gezek buşlady.

     Uly sport baýramçylygyna öwrülen bu ýaryşyň üstünlikli jemlenmegi mynasybetli biz hem Lebap welaýat bedenterbiýe sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirdik. «Sport — ýagty ertirlige badalga» atly «tegelek stoluň» başynda edilen täsirli söhbetlerde Lebap welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň uly habarçysy Atanyýaz Hangeldiýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň hünärmeni Aýjahan Mollaýewa, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Maýsa Muhyýewa, Lebap welaýat bedenterbiýe sport baradaky Baş müdirliginiň Türkmenabat şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň müdiriniň orunbasary Aýbek Ismailow dagylar çykyş edip, öz ýürek buýsançlaryny ildeşlerimiz bilen paýlaşdylar. Bagtyýar ýaşlaryň eden çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly, ýurdumyzda sportuň döwrebap maddy-enjamlaýyn binýadyny döretmek, türkmen sportuny hil taýdan täze derejelere çykarmak, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmek, ussat türgenleriň kemala gelmegini gazanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Watandaşlarymyz we dünýäniň sportsöýüjileri üçin kakyky sport baýramçylygyna öwrülen hokkeý boýunça geçirilen halkara ýaryş hem bu hakykatyň nobatdaky subutnamasy boldy. Şeýle hem, sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, döwletimiziň sport abraýynyň beýgelmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýan ýaşlarymyzyň döwlet derejeli sylaglary bilen sylaglanylmagy olaryň sporta bolan höwesini has hem artdyrýar. Çykyş eden ýaşlarymyz welaýatymyzda gurlup ulanylmaga berilýän sport desgalarynda döredilýän mümkinçilikler dogrusynda hem gürrüň edip, ýaşlara sport bilen meşgullanmaga, öz ukyplaryny artdyrmaga, başarnyklaryny görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

 

 

Azat AMANOW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA