MAŞGALAM – BAŞ GALAM

      Ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň bagtyýar durmuşymyza buýsanyp, döredijilikli zähmet çekmekleri we döwre mynasyp nesilleri terbiýelemekleri üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Mährem zenanlarymyz halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden hem-de nesilden-nesle geçirip gelýän asylly ýörelgelerini we ajaýyp däp-dessurlaryny mukaddeslik hökmünde saklap gelýärler. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň işjeň agzalarynyň, etrabyň harby bölümlerinde zähmet çekýän zenanlaryň, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdik.

      «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, ýaşlaryň maşgalalarynyň arasynda nika bozulmalarynyň öňüni almak, ahlak terbiýesi, gender deňligini wagyz etmek maksady bilen, «Maşgalam—baş galam» atly geçirilen bu wagyz-nesihat çäresinde işjeň agzalarymyz bilen birlikde Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň we harby bölüminiň wekilleri hem çykyş etdiler. Çykyş eden ildeşlerimiz ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde gulluk edýän harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary hakynda edilýän aladalar, olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, durmuş-ýaşaýyş derejelerini gowulandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli işlemekleri, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmekleri we amatly dynç almaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen beýan etdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2024 | 17 okalan

GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY

28 Iýun 2024 | 43 okalan

TÜRKMEN RUHUNYŇ SARSMAZ SÜTÜNI

28 Iýun 2024 | 17 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI