MAŞGALAM – BAŞ GALAM

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, halkymyzyň ebedi, ruhy-ahlak ýörelgelerine edep-terbiýesine, däp-dessuryna ynsanperwerligiň we halallygyň adalatyň we sahawatyň, kanagatyň we pespälligiň, ruhubelentligiň we gözelligiň nury çaýylypdyr. Oňa parasatly gojalarymyzyň, perişdesypat ene-mamalarymyzyň keramatly nepesi siňipdir. Şonuň üçinem ata-babalarymyzyň ýoly kerem-keramatdyr, şol ýoly mynasyp dowam etdirmek bolsa ýaş nesiller üçin mukaddes borç we belent mertebedir.

     Türkmeniň milli edep-terbiýe mekdebinde ynsanyň ýaş we beýleki aýratynlyklaryna, durmuşyň dürli taraplaryna görä zenan we gyz edebi, ýigitlik we gojalyk edebi, goňşuçylyk edebi, myhmanparazlyk edebi ýaly birnäçe ugurlar aýratyn tapawutlandyrylýar. Has takygy, dana halkymyz her bir ýaşdaky ynsanda belli bir  edep-terbiýäniň bolmagyny we ruhy-ahlak nogsanlyklarynyň bolmazlygyny, durmuşyň islendik ýagdaýlarynda ýüze çykýan gatnaşyklarda-da ykrar edilen edep kadalarynyň pugta berjaý edilmegini ündeýär. Munuň aňyrsynda bolsa, müňýyllyklaryň çarkandakly taryhy ýollarynda gazanylan gymmatly durmuş terbiýesinden alnan, milli pähim-parasada ýugrulan ýörelgelerimiz bar.

     Merdana halkymyz gyz-gelinleriň edebine aýratyn uly ähmiýet berýär. Çünki türkmen gülden näzik gyz-gelnini milletiň ýüzüniň tuwagyna, ar-namysynyň beýik baýdygyna, nesil dowamatynyň binýadyna, maşgala ojagynyň söýesine deňeýär. Maşgala ojagynyň mukaddesligini goramak we abadançylygyny gazanmak türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri zandyna ornan häsiýetleriň biri.         

     Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekillerine maşgalany goramak we maşgala gatnaşyklaryny üpjün etmekde, nesilleriň üznüksiz baglanyşygyny saklamakda ýokary işjeňlik görkezmegi sargyt edýär. Hormatly Prezidentimiziň sargytlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap bölümi we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň medeniýet öýünde «Maşgalam—baş galam» ady bilen wagyz-nesihat duşuşugy geçirildi. Duşuşykda çykyş eden wekiller edep-terbiýe, ahlak arassalygy, maşgala gymmatlyklary, maşgala ojagynyň mukaddesligini goramak we abadançylygy gazanmak barada giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyşlarda maşgala abadançylygyny berkarar etmekde, bagtyýar nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde türkmen zenanyna aýratyn jogapkärçiligiň düşýändigi nygtaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen halkyny eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşadýan, nurana ertirleriň binýadyny berkarar edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. 

 

Nursoltan MAKSUDOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA