OKUW-USULY MASLAHATLARY GEÇIRILÝÄR

       Şu günler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň öňlerinde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde sanly ulgam boýunça okuw-usuly maslahatlary geçirilýär. «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» diýen at bilen guralýan bu okuw-usuly maslahatlara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary we ýokary synp mekdep okuwçylary işjeň gatnaşýarlar. Şeýle ähmiýetli çäreler  Türkmenabat şäher we Dänew etrap Medeniýet öýlerinde geçirildi. Okuw-usuly maslahatlarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we welaýat Geňeşleriniň işgärleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň we prokuratura edaralarynyň işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berilýär. Edilýän çykyşlarda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler we internet ulgamyndan netijeli peýdalanmak boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalarynyň talaplary giňişleýin düşündirilýär we  wagyz edilýär.

       Wekilleriň çykyşlarynda ýurdumyzda ýaşlara ylym we bilim bermek bilen birlikde olara internet ulgamynyň elýeterli bolmagyny gazanmaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişiniň, sanly ykdysadyýetiň üstünlikli durmuşa geçirilişiniň barşynda kompýuter ulgamyndan we internediň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ähmiýeti aýratyn nygtalýar. Çykyşlarda ýaşlaryň kämil bilimleri ele almaklary ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, döwletli işleriniň nurana ýollarda rowaçlyklara beslenmegi arzuw edilýär.

 

Durdy MAMEDOW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA