TAGTY SÜLEÝMANDYR ÜSTI BEDEWIŇ

      «Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy» ýylynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryndan we hormatly Prezidentimiziň ýiti pähim-parasadyndan gün-günden rowaçlanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde läle reýhan ýaýlalarymyzyň ýüwrük ýelleri kimin ýyndam ahalteke bedewlerimiz türkmen halkynyň dünýä çykaran gaýtalanmajak sungatydyr. Türkmen bedewleriniň at-owazasy mydama jümle-jahanda belentden ýaňlanyp gelipdir. Dünýä bedewleriniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan ahalteke atlary özüniň owadanlygy we düşbiligi bilen älemde giňden tanalýar. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň baýramynyň uly şatlyk-şowhun bilen Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilmegi türkmen bedewine goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Çünki bedewler biziň milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz hem-de köňül syrdaşymyz bolup türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendir. 

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen bedewiniň şan-şöhratyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen «Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň» atly wagtlaýyn sergi gurnaldy. Wagtlaýyn serginiň diwarlyklary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur parasadyndan dörän «Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp eserleri, Kerki etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň behişdi bedewlerimizi wasp edip çeken suratlary, bedewleriň bezeg şaý-sepleri, gurallary bilen bezelipdir. Wagtlaýyn serginiň ilkinji myhmanlary Kerki etrabyndaky 3-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary boldular. Sergä tomaşa etmäge gelenlere Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekskursawody B.Hudaýberdiýewa we  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni Oýdin Aşirowa türkmen bedewleri, ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen bedewlerine goýulýan belent sarpa barada buýsançly gürrüň etdiler. Serginiň dowamynda Kerki etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçylary Kamola Kerimowa, Maksat Annaýew ahalteke bedewleri barada ýazan goşgylaryny okadylar.

 

Selbi ÝAZJUMAÝEWA,

Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgäri,

 TMÝG-nyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 56 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

21 Iýun 2024 | 27 okalan

SPORT – SAGDYNLYK

21 Iýun 2024 | 27 okalan

ZÄHMET JOŞGUNY ARTÝAR