ZEHINLI ÝAŞLAR

       Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda özleri hakynda edilýän aladalara oňat düşünýän ýaşlar esasy maksada gulluk edýärler: okamak, öwrenmek, ata-Watanymyz Türkmenistan döwletimiziň mynasyp nesilleri bolup ýetişmek. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça işleri dowam etdirmek, ýaşlaryň bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmekden, aýratyn ukyp-başarnyga, zehine eýe bolan ýaşlaryň kämilliklerini artdyrmak we olaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirýän, döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen 2024-nji «Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň bilim bölümi bilen bilelikde tassyklanan düzgünnama esasynda etrabyň orta mekdepleriniň 4-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Zehin» bäsleşigi geçirildi.

       Bäsleşikde okuwçylar 3 şert — diktant ýazmak, barlag ýazuw işi, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bir goşgusyny ýatdan we labyzly edip ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşikde etrabyň 12-nji orta mekdebiniň okuwçysy Çynar Hezretkulyýewa I orna, 14-nji orta mekdebiniň okuwçysy Merjen Jangeldiýewa II orna, 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy Süleýman Jumaýew III orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň  başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 67 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

21 Iýun 2024 | 29 okalan

SPORT – SAGDYNLYK

21 Iýun 2024 | 36 okalan

ZÄHMET JOŞGUNY ARTÝAR