AGZY SALAMLY, KÖŇLI KELAMLY

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi etrap häkimligi etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Edebiň başy — salam» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrabymyzda zähmet çekýän işgärler, kümüş saçly eneler, il sylagly ýaşulular we bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. Ýaş nesli gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza, halkymyzyň milliligine hormat goýmak hem-de salamlaşmak edebiniň ähmiýetini ýaşlara düşündirmek maksady bilen geçirilen bu duşuşykda ýaşuly nesliň wekilleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýüniň maslahatlar zalynda geçirilen çärede Saýat etrabynyň ýaşaýjysy Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Hemraguly Agalyýew, kümüş saçly ene Ogulbaýram Allaberdiýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ogulnur Haýydowa, Saýat etrabynyň Sakar şäher hassahanasynyň baş lukmanynyň bejeriş işleri baradaky orunbasary Dilaram Kurbanowa, Saýat etrabynyň polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça toparyň gözegçisi Agajan Gurbanow, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Lebap welaýat müdirliginiň Saýat etrap, şäher bölüminiň başlygy Aziz Seýidow dagylar çykyş edip, gadymy döwürlerden bäri ulanyp gelinýän salamlaşyk edebiniň şu güne çenli öz gymmatyny ýitirmän gelýändigi dogrusynda aýratyn nygtadylar. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, salamlaşmak edebi ýokary adamkärçilikden nyşan bolup, adamzat gatnaşyklary hem şol sözden başlanýar. Salamlaşmak birek-biregi parahatlyk, abatlyk, saglyk dilemekdir. Halkymyzda «Edebiň başy salamdan başlanýar» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Salamlaşmak ynsanyň asylly häsiýetleriniň biri bolmak bilen, ol sylag-hormatly alamatlandyrýar. Bu sözüň özeninde adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar, ýürekdeşlik, hoşniýetlilik, adamkärçilik şöhlelenýär. Salamlaşmak edebiniň ähmiýeti ýaşulular tarapyndan ýaş nesillerimize eýýäm çagalykdan öwredilipdir. Paýhasly ata-babalarymyz bu dessury ýitirmän, şu günlere çenli ýetiripdirler. Salamlaşmak edebine halk döredijiliginde hem aýratyn orun berlipdir. Halkymyzda edebiň başy hasaplanylýan salamy hiç kimden gysganmazlyk, sylag-hormatly, adamkärçilikli, açyk göwünli bolmak töweregimizdäkilerde biz barada ýakymly duýgulary döredýär. Görşümiz ýaly salamlaşmak özboluşly sungat bolup, onuň gadymdan gelýän we sünnälenip, biziň döwrümize ýetirilen özüne mahsus ýörelgeleri, däpleri bar diyip bellediler. Bizi şeýle eşretli döwürde ýaşadýan, biz ýaşlary nurana ýollardan ýagty geljege alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Maral HUDAÝKULYÝEWA,

                                               TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap

Geňeşiniň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 67 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

21 Iýun 2024 | 29 okalan

SPORT – SAGDYNLYK

21 Iýun 2024 | 36 okalan

ZÄHMET JOŞGUNY ARTÝAR