TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

      Bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzda şu günüň düýnden, ertiriniň bolsa şu günden has gowudygyna her birimiz şaýat bolýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasada ýugrulan öňdengörüjilikli tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşunda uly üstünlikler gazanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şanly günlerinde ýene-de bir hoş habaryň şaýady bolduk. Döwlet baştutanymyz çuňňur zehininden syzylyp çykan «Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etdi. Hut şu nukdaýnazardan, şu günler etrabymyzda geçirilýän dabaraly çäreler, maslahatlardyr tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşyklary giň gerime eýe bolýar. Ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Lebap welaýat döwlet sazly-drama teatrynda geçirilen tegelek stoluň başyndaky duşuşyk hem bu taryhy waka bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat we Çärjew etrap Geňeşleriniň işgärleri gatnaşdy. Duşuşykda buýsançly çykyşlara giň orun berildi.

      Bilşimiz ýaly, bu kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Änew şäheri diňe bir türkmen taryhynyň şöhratly geçmişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, külli türki älemi üçinde aýratyn ähmiýete eýedir. Şu jähtden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitabyny halkymyza sowgat bermegi bagtyýar halkymyz üçin çuňňur buýsanjyň gözbaşy bolup, biziň ählimizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Adyndan belli bolşy ýaly, täze kitapda geçmişde at owazasyny äleme dolan gadymy Änew şäheri onuň dünýä medeniýetiniň, adamzat ýaşaýşynyň ösmegine goşan saldamly goşandy dogrusynda taryhy maglumatlar jemlenendir. Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Diýarymyzyň beýleki künjekleri bilen bir hatarda Änew şäheri hem ajaýyp özgertmeleri başdan geçirýär. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriniň mekanydygyna ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Kitapda degişli ugurda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyk barada maglumat berilýär. Şunuň bilen baglylykda Birleşen Milletler Guramasynyň iri ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO şeýle hem TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygyň köp ýyllyk tejribesine, gazanylan üstünliklere aýratyn üns çekilýär. Kitap sözüň doly manysynda, biziň her birimiz üçin gymmatly gollanma, maglumat çeşmesidir. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen söhbetdeşlik duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eseriniň türkmen ýaşlary üçin durmuşda nusgalyk mekdep, ýol görkeziji şamçyrag boljakdygy we gymmatly gollanma öwrüljekdigi dogrusynda buýsançly söhbetlere aýratyn ähmiýet berildi. Söhbetdeşlige gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň şeýle dürdäne eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edip, ata Watanymyzy batly depginler bilen ösdürýän, halkymyzy bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

 

 Baýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

 TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap

 Geňeşiniň  başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 67 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

21 Iýun 2024 | 29 okalan

SPORT – SAGDYNLYK

21 Iýun 2024 | 36 okalan

ZÄHMET JOŞGUNY ARTÝAR