OLAR WATAN ÜÇIN SÖWEŞDILER

     Şöhratly geçmişimiziň arzylanýan, şanly senelerimiziň gymmatynyň barha beýgelýän döwründe Watan gahrymanlarymyzyň, mert pederlerimiziň şöhraty has belentde tutulýar. Bu hakykaty 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşe öz mynasyp goşandyny goşan pederlerimiziň, tyl zähmetkeşleriniň durmuşynyň mysalynda hem anyk görýäris. Şu günler söweş meýdanynda edermenlik görkezen ata-babalarymyzyň gahrymançylygyna uly hormat goýulýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watanyň azatlygy, il-günüň abatlygy ugrundaky söweşlerde gaýduwsyzlyk görkezen gahrymanlaryň ýagty ýadygärligine bagyşlap, halkymyz baky oda gül desselerini goýmaklary mert pederlerimize goýulýan baky hormaty we belent sarpany alamatlandyrýar.

     Ynha, bu sene bagyşlap, biz hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşy muzeýinde mekdep okuwçylarynyň, ýokary we ýörite orta mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda «Olar Watan üçin söweşdiler!» atly baýramçylyk duşuşygyny geçirdik. Çäräniň dowamynda watançylyk temasyndaky çykyşlar, uruş ýyllary bilen baglanyşykly berilen täsirli gürrüňler oňa gatnaşyjylarda şöhratly geçmişimize buýsanç duýgusyny kemala getirdi. Muzeýde ata-babalarymyzyň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen edermenlikleri üçin gowşurylan ordenlardyr-medallar, tapawutlandyryş nyşanlary hem-de minnetdarlyk hatlary barada berilen gürrüňler ýaş nesilleriň watançylyk hyjuwyny has-da ýokarlandyrdy.

     Ildeşlerimiziň muzeýe ýygy-ýygydan gelmekleri, ata-babalarymyzyň taryhy geçmişimizdäki gahrymançylykly ýollaryny synlamaklary olara durmuş menzillerinde mertligiň, gaýduwsyzlygyň nusgalyk mekdebi hökmünde kalbynda ruhy şamçyrag bolup hyzmat edýär. Şeýle watançylyk ähmiýetli mowzuklaýyn sergileri, gezelençlerdir we döredijilik duşuşyklary ýaşlar bilen yzygiderli guraýarys, olaryň her biri gelýän myhmanlaryň watançylyk ruhuny galkyndyrmakda aýratyn mana eýe bolýar.

     Mert pederlerimiziň taryhda şöhrata beslenen ýeňiş ýollaryndan söz açýan Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýi häzirki wagtda ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýe bolup, Watan üçin söweşen ata-babalarymyzyň durmuş we söweş ýollary hakyndaky maglumatlary, tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň ýeňşe goşan goşantlaryny şöhlelendirýän fotosuratlary, uruş ýyllaryna degişli muzeý eksponatlaryň ählisi watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, edermenligiň nusgalyk mekdebi bolup hyzmat edýär. Watany, il-halky söýmekligiň belent nusgasyny görkezen gerçekleriň gahrymançylyk ýollaryny ýaş nesillere ýetirmekde, olaryň geljekde wepaly Watan ogullary bolup ýetişmeklerini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir.

     Söweşlerde batyrlygyň, merdanalygyň belent nusgasyna öwrülen pederlerimiziň gahrymançylygy öçmejek şöhrata eýe bolup, olaryň sarpasyny saklamak we şöhratyny ebedileşdirmek bolsa her bir Watançynyň  mukaddes borjudyr. Söweş meýdanynda mertlerçe söweşip, ata Watanymyza, öý-ojaklaryna ýeňiş bilen dolanan Watan gerçekleri edermenligiň, watansöýüjiligiň  nusgasy bolup halkymyzyň hakydasynda baky ýaşar.

 

 

Laçyn AKYÝEWA, 

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 67 okalan

AKYL-PAÝHASYŇ GÖNEZLIGI

21 Iýun 2024 | 29 okalan

SPORT – SAGDYNLYK

21 Iýun 2024 | 36 okalan

ZÄHMET JOŞGUNY ARTÝAR