WATANSÖÝÜJILIGIŇ BEÝIK MEKDEBI

      Ýurdumyzda şöhratly geçmişde watançylygyň beýik nusgasyny görkezen edermen gerçekleriň sarpasy belentde tutulýar. Çünki gahrymanlarymyzyň, mert pederlerimiziň şöhratly ýoly, gaýduwsyzlygy biziň her birimiz üçin nusga alarlyk mekdepdir. Bu hakykaty 1941 – 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşe gatnaşan pederlerimiziň, olaryň yzynda galyp maşgala ojagynyň abadançylygyny goramaga mynasyp goşantlaryny goşan mährem enelerimiziň durmuşynyň mysalynda hem anyk görýäris.

      Söweş meýdanynda edermenlik görkezen ata-babalarymyzyň gahrymançylygyny hatyralap, olaryň hormatyna bina edilen ýadygärliklere gül desselerini goýmak asylly däbe öwrüldi. Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygynyň öň ýanynda uruş weteranlarynyň we merdana gerçeklerimiziň yzynda galyp, zähmet edermenliginiň beýik nusgasyny görkezen döwürdeşlerimiz bilen duşuşyklar geçirilýär.

      Watanyň abadançylygy ugrunda jan aýaman, söweş meýdanynda gahrymançylyk görkezen il ogullarynyň biri-de Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy, merhum uruş weterany Tagan Hojamowdyr. Biz hem beýik senäniň bellenilýän günlerinde uruş weteranynyň öýünde myhmançylykda bolduk. Häzirki wagtda uruş weteranynyň döwletli maşgalasy köplere görelde alarlykdyr. Tagan aganyň aýaly Rozygül Annaýewa şol ýalynly ýyllary başdan geçiren ynsanlaryň biri. 9 onlugy arka atan mährem ene bilen söhbetdeşlikde ol watançylyk temasyndaky, uruş ýyllary bilen baglanyşykly täsirli gürrüňleri berdi. Mährem enäniň öz ýan-ýoldaşy, uruş weterany Tagan aga bilen bilelikde ösdürip ýetişdiren 7 perzendiniň hersi häzirki wagtda bir arzyly kärde zähmet çekýär. Aramyzda şeýle gahrymanlarynyň ýaşamagy, olaryň wesýetlerine eýerilmegi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Biz hem mährem enäni Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen gutlap, oňa jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan sowgatlary gowşurdyk.

      Söweşlerde batyrlygyň, merdanalygyň belent nusgasyna öwrülen pederlerimiziň gahrymançylygy öçmejek şöhrata eýe bolup, olaryň sarpasyny saklamak we şöhratyny ebedileşdirmek bolsa her birimiziň borjumyzdyr. Beýik Watançylyk urşunda geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşy üçin şirin janyny gurban eden gerçeklerimiz, sag-aman ata Watanymyza dolanyp gelen we häzir hem aramyzda ýaşap ýören merdana uruş weteranlarymyz, urşa gidenleriň yzynda galyp, ojaklaryny gözleriniň göreji deýin saklan ak saçly enelerimiz, biziň üçin gahrymançylygyň, mertligiň, wepadarlygyň mekdebidir.

      Ýurdumyzyň parahatlygy, halkymyzyň agzybirligi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Şöhrat KADYROW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA