ŞA SERPAÝYŇ EÝELERI SÖHBETDEŞ BOLDULAR

      Düýn Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginde, şeýle hem bu şanly sene mynasybetli geçirilen at çapyşyklarda, päsgelçiliklerden atly bökmek ýaryşynda ýeňiji bolan hem-de ýaşaýyş jaýyna eýe bolan ýaşlaryň gatnaşmagynda «Öňdebaryjy ýaş atçynaslar – Berkarar döwletiň guwanjy» atly duşuşyk geçirildi.

      Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheri, aýratyn-da, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy behişdi bedewleriň hormatyna geçirilýän bäsleşikleriň ýaýbaňlandyrylýan merkezine öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy Arkadag şäherinde has giň gerime eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen çäreler muny aýtmaga esas berýär. Döwlet derejesinde geçirilen çärelerde şäheriň çäginde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyp ýaşlary we atşynaslary üstünlikli çykyş edip, hormatly atlara, şa serpaýlaryna mynasyp boldylar.

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde guran «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikde hem talyp ýaşlar gazanan üstünlikleri, şeýle hem Arkadag şäheriniň döwrebap jaýlaryndan jaýly bolan ýaş mugallymlar döwletli jaýlarynyň aýratynlyklary we ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda buýsançly söhbetleri etdiler.

 

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY