MILLI BUÝSANJYŇ BAÝRAMY

     Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli «Mertler Watany beýgeldýär» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi. Göwünlerde çäksiz buýsanç duýgularyny döredýän şanly sene — 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu ýazgyda oňa gatnaşyjy söhbetdeşler millionlarça ynsanlaryň ömri, edermenligi we gaýduwsyzlygy bilen gazanylan bu mukaddes ýeňşiň adamzat üçin ähmiýeti dogrusynda, şeýle hem söweşde edermenlik görkezen türkmen gahrymanlary, tylda gaýratlylyk görkezen zenanlary dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler.

     Söhbetdeşligiň dowamynda, şeýle hem ýurdumyzyň parahatlygy, halkymyzyň agzybirligi, ynsan mertebesini belent, hatyrasyny mukaddes tutmak ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY