Ýakynda ýurdumyzyň möhüm syýasy wakalaryny, täzeliklerini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda açylyp ulanylmaga berlen kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desganyň, şeýle hem Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda açylyp ulanylmaga berlen kuwwatlylygy ýylda 1 000 000 tonna sement öndürýän Bäherden sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň açylyş dabaralaryny ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen söhbetdeşligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi gurady.
Söhbetdeşligiň barşynda täsirli çykyşlar edilip, olarda Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gurlup ulanylmaga berilýän iri desgalar we bu ýerde ýaşlaryň halal zähmet çekmekleri babatda döredilýän täze mümkinçilikler dogrusynda gürrüňler edildi. Şeýle-de raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda döredýän giň mümkinçilikleridir şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.