ILATYŇ SAGLYGY—ÝURDUŇ BAÝLYGY

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda halkymyzyň saglygyny goramaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. «Ilatyň saglygy—ýurduň baýlygy» diýen parasatly şygardan ugur alynýan ýurdumyzda saglyk ulgamyna degişli gurulýan binalary göreniňde kalbyň joşa gelýär. Dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesinde gurlup, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilýän şol binalarda halkymyzyň saglygyny ygtybarly goraýjylar asylly zähmet çekýärler. Ilatyň saglygy hakyndaky aladanyň döwlet derejesinde alnyp barylýandygy bagtyýarlyk döwrümizde has-da ýüze çykýar. Saglygyň esasy girewi hasaplanýan bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy, sportuň dürli ugurlarynyň ösdürilmegi döwrümiziň özboluşly bezegine öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň saglygyny gorap saklamaga, ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmegine öz täsirini ýetirýär.

       Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň işgärleri bolup türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz—ýaşlara görkezýän ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, öňde goýýan tabşyryklaryny, görkezmelerini durmuşa geçirmek maksady bilen etrabymyzyň çäklerinde edara-guramalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, oba ilatynyň ýaşlarynyň arasynda ýerli hukuk goraýjy edaralar, jemgyýetçilik guramalary, bilim edaralary bilen bilelikde ýaş nesliň arasynda zyýanly nogsanlyklaryň öňüni almak, olardan daşda durmagyny gazanmak, milletimiziň saglygyny gorap saklamak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşyklaryny, söhbetdeşliklerini, maslahatlaryny, düşündiriş işlerini yzygiderli geçirýäris. Şeýle ähmiýetli çärelerde edilýän çykyşlarda ýaşlaryň saglygyny goramak, olaryň kämil bilimleri ele almaklaryny gazanmak, ukyply we zehinli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle-de pederlerimizden miras galan milli ýörelgelerimizi wagyz etmek boýunça döwlet derejesinde hem toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy nygtalýar.

   Ähli ösüşleriň gözbaşyny ynsan saglygynda, onuň gujurly we bagtyýar zähmetinde görýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Gülşirin MAMEDOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI